- gor
- 1[go:r]Otdan galýan owny-uk köz, ownuk köz gatyşykly kül.∙ Myralynyň atyna iým bermän-detorbasyna gor salyp geýdiriniň -- diýip tabşyrypdyr. (Myraly)∙ Tomsuň jöwzasynyň astynda çaýkanyp ýatan otly gora meňzeýän ürgün mele çäge bu gün gara bukulyp ýatyr. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)Ýazuw düzgüni: Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.Meselem gor - gorum, goruň.◊ gonjuna gor goýmak — Aladaly, howsalaly ýagdaýa salmak, gaharyny getirmek, howsala salmak.∙ Häli-şindi sawçylyga gelýänler onuň gonjuna gor guýýardy. (Sowet Edebiýat žurnaly)2Agaranly düýe çalynyň küýzedäki galyndysy; düýe süýdünden çal etmek üçin gerek bolýan gönezlik.Ýazuw düzgüni: Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.Meselem gor - gorum, goruň.◊ çal tutmak üçin goruňyz barmy? — Göçme manyda Artdyryp goýlan pul, zat, maýa.∙ Onuň ozalda birneme gory bardyr.3Palçykdan salynýan jaýyň, haýatyň bir pagsasy.∙ Ýene bir gor goýaýsak, tamyň boýy ýetjek.Ýazuw düzgüni: Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.Meselem gor - gorum, goruň.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.